Makalalar
1618bc5fba846a.jpeg
Elektron söwda hyzmatlara elýeterliligi üpjün edýär
10.11.21 - 18:15

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edilen Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, söwda we hyzmatlar ulgamynda işleýän hususy kompaniýalar alyjylaryň harytlara elýeterliligini ýeňilleşdirýän internet-söwdanyň möçberini artdyrýarlar, mobil goşundylary döredýärler.


1618b9cb44b0c4.jpeg
Daşky gurşawy goramaklyga uly üns berilýär
10.11.21 - 15:19

Biziň ýurdumyz örän wajyp ekologik ähmiýetli halkara hukuk namalary bolan hem-de atmosferada bugly gazlaryň toplanylmagynyň durnuklaşdyrylmagyna we dünýäniň klimatynyň antropogen täsiriniň peseldilmegine gönükdirilen Howanyň üýtgemegi baradaky BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny, Pariž ylalaşygyny tassyklamak bilen, öz üstüne alan borçnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirýär.


1618806e62ca18.jpeg
Ýurdumyzyň suw baýlyklary
07.11.21 - 22:03

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak, suw gorlarymyzdan aýawly peýdalanmak babatda uly işler durmuşa geçirilýär.


16183a13d5287d.jpeg
Garaşsyzlyk ýyllarynda senagat pudagynyň ösüşi
04.11.21 - 14:00

Häzirki döwürde senagat toplumy boýunça ösen tehnologiýalaryň iň soňky innowasiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň senagatlaşdyrma syýasatynyň baş mazmuny ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny özünde jemleýän senagat kärhanalaryny döretmekden ybarat bolup durýar.


1617ed95000431.jpeg
Türkmenistanyň milli manadynyň geçmişi we geljegi
31.10.21 - 22:58

Türkmenistanyň taryhynda puluň geçmişi we geljegi barada: Hormatly Prezidentimiz “Berkarar Türkmenistanyň pul ulgamy–bu ýurduň kanunçylyk namalary bilen sazlaşdyrylan pul dolanyşygynyň emele gelen taryhy gurluşdyr” diýen, pul dolanyşygynyň aýratyn bir ulgam bolmak bilen onuň şu gün däl, eýsem taryhy prosesde emele gelendigi we döwlet işinde tutýan ornunyň ýokary derejededigini görkezýär.


1616b041da947a.jpeg
Gaz geçirijileriň ulanyş möhleti artýar
16.10.21 - 21:55

Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň beýleki önümçilik düzümleri bilen birlikde «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçylary hem Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramçylygyna özleriniň zähmet goşantlaryny goşdular.


16165a5569c625.jpeg
«Kenardaky» döwrebap işler
12.10.21 - 20:10

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy ýokary hil ülňülerine laýyk gelýän nebit we nebithimiýa önümlerini taýýarlamakda we ýerleşdirmekde uly sepgitlere eýe bolýar.


161348e87946f6.jpeg
Hormatly Prezidentimiz pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi
05.09.21 - 14:31

Şu ýylyň sentýabr aýynda ýurdumyzda möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna köpçülikleýin girişilýär. Köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen pagta hasylyny gysga wagtyň içinde, ýitgisiz ýygnap almak merdana daýhanlarymyzyň esasy wezipesi bolup durýar.


16109044a0a279.jpeg
Nebitgaz pudagyny ösdürmek – ykdysadyýetiň ösmeginiň esasy şerti
03.08.21 - 13:54

9-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz toplumyny has-da ösdürmek boýunça birnäçe möhüm wezipeleri kesgitledi.


1601c30720b2c8.jpeg
Nebit pudagynda döwrebap tehnologiýalar
04.02.21 - 22:35

Ýurdumyzyň nebit pudagyny ösdürmek, çig nebitiň çykarylyşynyň derejesini talap edilýän ýokary depginde saklamak, işläp geçilýän känleriň önümli gatlaklarynda bar bolan senagat derejesindäki nebit gorlarynyň özleşdirilişiniň bähbitliligini has ýokarlandyrmak maksady bilen, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan döwrebap talaplardan ugur alnyp, has oňaýly innowasion çözgütli enjamlary, tehnikalary we tehnologiýalary ikitaraplaýyn bähbitli, has amatly şertlerde nebit önümçiligine ornaşdyrmagyň depginini güýçlendirýär.


16003338da0339.jpeg
Jogapkärli işiň ussady
16.01.21 - 23:42

Onuň zähmet depderçesinde 1983-nji ýylyň 11-nji iýulynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň häzirki Abatlaýyş-sazlaýyş müdirliginde zähmet ýoluna başlandygy barada diňe bir ýazgy bar.


15fc9101712841.png
Nebitli känleriň işlenip geçilişi
03.12.20 - 21:19

Bütindünýä nebitgaz tejribesinden belli bolşy ýaly, çig nebitiň ýerasty baýlyk hökmünde emele gelşi köptapgyrly, gaty çylşyrymly we uzak döwürli himiki hadysalary öz içine alýar hem-de dünýä alymlary bu çylşyrymly himiki öwrülişikleriň inçe syrlaryny şu güne çenli içgin öwrenýärler.


15f9cfb1adcfb0.jpeg
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2020” atly XXV Halkara maslahaty ýokary derejede geçirildi
31.10.20 - 10:50

28 – 29-njy oktýabrda, Ata Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň öňýanynda Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy -2020” atly XXV Halkara maslahaty ýokary derejede geçip, ol “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan GaffneyCline britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda guraldy.


15f8ddadecd153.jpeg
Tebigy baýlyklaryň mesgeni
19.10.20 - 23:28

139 müň inedördül kilometr giňişligi tutýan Balkan welaýatyny «Baýlyklaryň mesgeni» diýip atlandyrmaga doly esas bar. «Türkmennebit» döwlet konsernine degişli otuza golaý nebitli, nebit-gazly we gazly ojaklar bolup, olaryň esasylarynyň biri hem Barsagelmez nebitgaz ýatagydyr.


15f7cb57a34a87.jpeg
Palçyk wulkanlary tebigy gazyň buşlukçysydyr
06.10.20 - 23:20

Taryha ser salsaň, türkmen topragy örän irki döwürlerden bäri nebit bilen bir hatarda tebigy gazlary hem öz goýnunda saklaýan hazyna hökmünde bellidir. Nebit-gaz çykarmakda ady şöhrata dolan Esenguly (Çekişler) sebitinde gazyň ilkinji alamatlarynyň ýüze çykmagy geçen asyryň başlarynda palçyk wulkanlarynyň ýeriň ýüzüne atylyp çykmagy bilen şol wagtky syýahatçylaryň, barlagçylaryň, alymlaryň we degişli hünärmenleriň ünsüni özüne çekipdir.