Makalalar
16242cf6223d4e.jpeg
Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Mämmetsapar Toýlyýew
29.03.22 - 14:20

Saz ynsan kalbyna rahatlyk berýär. Hatda şeýle bir sazlar bar, saňa ruhy güýç berýär. Her bir diňleýji ýüregi bilen ýürekdeş heňe duşanda oňa maýyl bolup, bir pursatlyk dünýäni unudýar. Özüne bendi edýän ol owazlary kompozitorlar döredýärler. Şeýle ussat halypa kompozitorlaryň biri hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň ýokary derejeli mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Mämmetsapar Toýlyýewdir.


162361f624d184.jpeg
Ýurdumyzda maýa goýum işjeňligi
19.03.22 - 23:22

Garaşsyz ýurdumyzyň maliýe-ykdysady babatda ösüşlerinde döwletimiziň maýa goýum syýasatynyň aýratyn ähmiýeti bardyr.


16235a7b31ddd5.jpeg
Ekologiýa we daşky gurşaw
19.03.22 - 14:51

Ekologiýa we daşky gurşaw düşünjeleri biri-biri bilen eriş-argaç bagly düşünjelerdir. Ekologiýanyň goraglylygy, daşky gurşawyň abadanlygy, ozaly bilen, tebigatdaky janly ýaşaýşyň dowam etmegini şertlendirýär.


162319f0995a1b.jpeg
Sementiň alnyş taryhy
16.03.22 - 13:25

Şu günki gün gurluşyk pudagynda gazanylýan ýokary netijeleri sement materialy bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däldir. Ýöne ol gadymy eýýamlarda hem iň esasy gurluşyk materialy hökmünde peýdalanylypdyr. Diňe gadymyýetde onuň alnyşy häzirki wagtdakydan belli bir derejede tapawutly bolupdyr.


1622981c6cf5bf.jpeg
Aragatnaşygyň möhüm serişdesi
10.03.22 - 09:42

Dil bilmek ähli döwürlerde: adaty durmuşda hem, özara gatnaşyklarda hem möhüm serişde bolup hyzmat edipdir.


16229043cba30e.jpeg
Rysgal-bereket bolçulygy
10.03.22 - 00:47

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri syýasaty esasynda, ýurdumyzda ilaty özümizde öndürilýän, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek babatda uly işler durmuşa geçirilýär.


16220688f70472.jpeg
Aly ALYÝEW: «Bagtyýarlyk döwrüni wasp edip, aýdym aýdasym gelýär»
03.03.22 - 12:04

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň mukamlar köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly ada mynasyp bolanlara şa serpaýlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.


1621dd823a4715.jpeg
Saýrak dilli şahyr Gurbannazar Ezizow
01.03.22 - 13:24

Bir müň dokuz ýüz ýetmiş birinji ýylyň birinji sentýabrynda «Edebiýat we sungat» gazetine işe girdim. Şol döwürde Gurbannazar Ezizow tankyt bölüminiň müdiridi. Näme üçindigini bilemok, ýöne biziň üýnümiz alşyp gitdi. Ýogsa, ol menden on ýaş uludam. Gurbannazar redaksiýada uzak işlemedi. Birsellem öýde döredijilik bilen meşgullandy. Gatnaşygymyz welin azalmady.


162122122dc514.jpeg
Senedim bar — sarpam bar
20.02.22 - 16:08

Asyrlar aşa ýetmiş iki dürli saz guralyny döreden türkmen halky üçin beýleki saz gurallary bilen bir hatarda dutaryň orny has üýtgeşik bolupdyr. Türkmen dutary diňe bir toý-baýramlarymyzyň däl, eýsem, gündelik durmuşymyzyň, öý hojalygymyzyň hem bezegidir. Ol türkmeniň şatlykly, hasratly günleri hem ýanynda bolupdyr. Göwün hoşy bolup, ýüregine dolupdyr. Onda döredilen nusgawy mukamlarda halkymyzyň giden bir taryhy, medeni durmuşynyň özboluşlylygy ýaşaýar.


1620ab00d37025.jpeg
Üstünligiň syry nämede?
15.02.22 - 00:39

Her kim diýen ýaly durmuşda üstünlik gazanmak isleýär. Her kimiň diýen ýaly belli bir maksatlary we arzuwlary bar. Durmuşdan bir zat isleýär ýa-da garaşýar. Üstünligiň syry aslynda gaty ýönekeý.


162038cd7e1165.jpeg
Ilkinji aýyň guwandyryjy netijeleri
09.02.22 - 14:43

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar aýyny netijeli jemlemek bilen, etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek maksadynda fewral aýnyň işlerine guramaçylykly girişdiler. Howanyň häzirki sowuk günlerinde gije-gündiziň dowamynda etrabyň sarp edijilerini gymmatly «mawy ýangyç» bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda nusgalyk işleri alyp barýan edaranyň işçi-hünärmenleriniň her bir iş güni ýokary zähmet rowaçlyklaryna beslenýär.


161f8d31c3a09b.jpeg
Suw arassalaýjylaryň zähmet goşandy
01.02.22 - 11:28

Hormatly Prezidentimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylan 2022-nji ýylyň ilkinji günlerinde Mary welaýatyna iş sapary wagtynda gaz gorunyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käninde bolup, bu ýerde tebigy gazyň çykarylyşy, bu hazynalar mekanynda zähmet çekýän gazçylaryň iş, durmuş şertleri bilen içgin tanyşmagy «Marygazçykaryş» müdirliginiň Durmuş taýdan dolandyryş edarasynyň suw, bug üpjünçilik sehiniň «Galkynyş» suw arassalaýjy desgalar toplumynyň hünärmenleridir işçilerinde-de egsilmeýän zähmet joşgunyny döretdi.


161f8cffa7add9.jpeg
Zawodlar toplumynyň täze önümi ekologik abadançylyga uly goşant bolar
01.02.22 - 11:15

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy diňe bir ýurdumyzda ýa-da Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem, dünýäde nebit önümlerini gaýtadan işleýän iň iri kärhanalaryň hataryna girýär.


161f7d9997b84f.jpeg
Syrly gaz alawyň öz taryhy bar
31.01.22 - 17:40

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji ýanwarda Ministrler Kabinetiniň 2022-nji ýyldaky ilkinji mejlisinde çykyş edip, 50 ýyldan gowrak wagt bäri Derweze sebitinde köp möçberde tebigy gazyň ýanyp durandygyny, bu ýagdaýyň ekologiýa, şeýle hem şol töwerekde ýaşaýan adamlaryň saglygyna ýaramaz täsir edýändigini belledi.


161efcba67d7e7.jpeg
Dünýäniň iň gymmat gawuny
25.01.22 - 15:06

Dünýädäki iň gymmat gawun “ýubari” gawunydyr. Bu gawun Ýaponiýa döwletinde ýyladyşhana şertlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Ýubari gawuny ýapon halky üçin örän gymmatly baýlygy bolup durýar. Bu gawun deňi-taýy bolmadyk datly tagamy sebäpli ýapon adalarynda köp wagt bäri meşhurdyr.