Ylmy-barlag we taslama işleri Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge ýardam edýär
23.05.23 - 10:13«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek üçin onuň öňünde duran köp sanly toplumlaýyn meseleleri üstünlikli çözmäge ýardam etmek bilen, geologiýa gözleg, ýataklary işläp geçmeklige taýýarlamak we ulanyşa goýbermek, burawlamak, gaz pudagynyň ähli desgalarynda gurmak-gurnamak we durkuny täzelemek, şol sanda gazy gaýtadan işlemek we taýýar önümi sarp edijilere ugratmak boýunça ylmy-barlag we taslama işlerini ýerine ýetirýär.
Ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty
23.05.23 - 01:27Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ekologiýany we daşky gurşawy goramak babatda alyp barýan işleri täze ösüş tapgyrlaryna aýak basýar.
Milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy
23.05.23 - 01:04Türkmenistan uglewodorod serişdelerine baý ýurtlaryň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýär. Türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä döwletlerine ugratmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň çäginde ýurdumyzda nebit we gaz gorlarynyň täze ýataklarynyň üsti açylýar.
«Mawy ýangyjyň» eşretli höziri
13.05.23 - 00:58Bahar paslynyň gelmegi bilen, toýlaryň toýa ulaşmagy «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylaryny hem ösüşleriň täze belentliklerine ruhlandyrýar. Munuň şeýledigine olaryň Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde şu günler gazanýan guwandyryjy zähmet netijeleri hem doly güwä geçýär.
Çeleken — hazynalar mesgeni
10.05.23 - 15:58Ylmyň we öňdebaryjy tejribeleriň iň soňky gazananlaryny önümçilige içgin ornaşdyrmak milli ykdysadyýetimiziň ýangyç-energetika toplumynda hem öz mynasyp çözgüdini tapýar.
Türkmenistan durnukly energetikany goldamak meselesinde halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär
21.04.23 - 14:30Ýurdumyzy 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny amala aşyrmak Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynda möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Ol dünýäde we sebitde geosyýasy we ykdysady ýagdaýy nazara almak bilen, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge toplumlaýyn çemeleşmäni göz öňünde tutýar.
Zähmet gadamlary batlanýar
20.04.23 - 14:04«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri hem-de öňdebaryjy önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary tebigy gazy çykarmak, ony gaýtadan işläp, sarp edijilere ugratmak boýunça geçen ýyl üçin bellenilen meýilnamalaýyn tabşyrygy üstünlikli berjaý etdiler.
Sungata örküni baglan Nurmuhammet Akmyradow
12.04.23 - 10:46Aýdym-sazyň hoş owazy ynsan kalbyna ylham paýlaýar. Ýurdumyzda ykbalyny sungata baglan adamlara uly hormat goýulýar. Ençeme ýyl bäri sungata örküni baglap, halkyň söýgüsine mynasyp bolanlaryň biri hem «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň müdiri Nurmuhammet Akmyradowdyr. Onuň bilen bolan söhbetdeşligimizi okyjylarymyzyň dykgatyna ýetirmegi makul bildik.
Nebiti gaýtadan işleýjileriň gaýratly işleri
03.04.23 - 23:57Ýene öňe gitmeli, täze sepgitleri ynamly eýelemeli, ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaly. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň agzybir we ezber işgärleri, ine, şeýle maksada gulluk edýärler. Aýdyň maksatlara beslenip, yhlas bilen çekilýän agzybirlikli zähmet olara ýylyň-ýylyna uly rowaçlyklary getirýär. Munuň şeýledigine geçen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň önümçilik görkezijileri hem aýdyň şaýatlyk edýär.
«AssA» – nebitçiler şäheriniň döredijilik topary
02.04.23 - 00:22«AssA» topary türkmen nebitçileriniň paýtagty Balkanabat şäheriniň meşhur döredijilik toparlarynyň biri bolup, ol tans sungatynyň höwesjeň zehinli ýaşlaryny birleşdirýär. Toparyň baý mazmunly sahna gorunda dünýä halklarynyň tanslary bar.
Arkalaşykly işiň miwesi
01.04.23 - 11:23«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Döwletabat —Derýalyk baş gaz geçirijisiniň ugrundaky «Şatlyk» önümçilik edarasy hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze döredijilik gözlegleri bilen işleýän öňdebaryjy zähmet toparlarynyň biridir.
Has çuň gatlaklara aralaşyp
30.03.23 - 11:35Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 4-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçiren ilkinji mejlisinde nebitgaz ulgamynyň işleri baradaky hasabaty diňläp, täze özleşdiriljek nebit ýataklarynyň gorlaryny kesgitlemek boýunça alnyp barylýan çäreleriň ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan ýangyç-energetika toplumynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakdaky ähmiýetine aýratyn ünsi çekdi.
Guwandyryjy jemler, geljege ynam bilen
27.03.23 - 18:00— Geçen ýylda ýurdumyzda uly ösüşler, düýpli özgerişlikler gazanyldy. Şeýle üstünlikde biziň müdirligimiziň agzybir we başarjaň işgärleriniň hem mynasyp zähmet paýy bar — diýip, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň merkezi önümçilik dispetçer gullugynyň başlygy Berdi Berdimetow guwanç bilen gürrüň berýär.
Ýelpewaç şekilli agaç
22.03.23 - 23:20Madagaskaryň kenarýakalaryny umman şemallaryndan goraýan Rawenala agaçlary syýahata we dynç almaga gelýän syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän tebigy gözellikleriň biridir. Ol palma agajyna çalym edýär.
Türkmenistanyň Geofizikleriň işleri ileri
19.03.23 - 14:30«Türkmengeofizika» müdirliginiň Mary meýdançasyndaky guýularda geofiziki gözlegler boýunça önümçilik tehnologik gullugynyň hünärmenleri uglewodorod çig malynyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak ugrunda yzygiderli berýän kömek-goldawlary arkaly «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň edara-kärhanalaryna degişli gözleg hem ulanyş guýularynyň üç ýüz ýigrimi bäşden köpräginde geofiziki barlaglary we beýleki işleri geçirip, täze — 2023-nji ýyla şowly badalga aldylar.