
Sargytlar ýerine ýetirilýär
02.12.22 - 23:37Nebitgazly ýataklaryň onlarçasynda döwrebap iş alyp barýan önümçilik düzümleriniň işleriniň netijeliligini gazanmakda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Balkanabatdaky Abatlaýyş-mehaniki zawodynda hem tutanýerli zähmet çekilýär.

Ýunus Emreniň döredijiligi täsin dünýägaraýyşlarynyň netijesinde şu güne çenli syrly bolup galdy
26.11.22 - 12:35Diwanlaryň ulusyny ýazan, älemleriň syryny açmaga çalyşan, dünýäniň , hat-da iki älemiň bir köprüsine göz ýetiren, halys inçe lirizmi bilen günümizi iň ajaýyp filosofy Ýunsu Emre bu gün edebiýatyň iň kämil, iň ýokary baýdagydyr.

«Mawy ýangyjyň» eşretli hözirini görýärler
25.11.22 - 16:09«Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary howanyň sowuk döwri bolan güýz-gyş möwsüminiň işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Häzirki döwürde welaýat merkezi bolan Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýan edaranyň agzybir işgärleri welaýatyň Jemagat hojalygy birleşiginiň Daşoguz şäher ýylylyk müdirliginiň işçi-hünärmenleri bilen birlikde şäherde bar bolan ýyladyş ulgamlarynyň bökdençsiz işlemegi ugrunda hem wajyp işleri durmuşa geçirýärler.

Garadaşlydaky gerimli işler
19.11.22 - 22:37Islendik zähmet adamy üçin bitirýän işiniň miwesini görmek uly bagt. Şonda gazanylan gowy netijeden çäksiz kanagatlanma alnyp, ynsan ömri çuňňur many-mazmuna beslenýär. Şeýle ýakymly pursatlar Timur Bazarowyň durmuşynda hem az bolanok. Munuň hem özüne ýetesi sebäbi bar.

Islegli hem ýokary hilli önümler
18.11.22 - 11:10Ýurdumyzyň gymmatly baýlyklarynyň biri bolan tebigy gazy gaýtadan işlemek arkaly geçginli önümleri öndürmek işine «Türkmengaz» döwlet konserniniň suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň hünärmenleri netijeli gatnaşýarlar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň ilki Naýyp, soňra bolsa Bagaja känlerinde häzirki zaman önümçilik desgalar toplumlary gurlup, üstünlikli işe girizildi. Şol toplumlarda işler sazlaşykly ýola goýulýar.

Göreldeli hyzmat ýola goýulýar
04.11.22 - 11:15Häzirki zaman dünýäsiniň iň iri energetika döwletleriniň hatarynda ählumumy ykrarnama eýe bolan eziz Diýarymyzda bu ulgamda amala aşyrylýan giň göwrümli özgertmeleriň her biri Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaklyga we il-ulsumyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaklyga hyzmat edýär.

Ynamly gadamlar bilen
31.10.22 - 23:37Şu ýylyň ýedi aýynda gazanylan önümçilik görkezijileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň oňat netijeler bilen jemlenjekdigini çaklamaga esas berýär. Bu babatda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň agzybir işgärleriniň bitirýän işleri öwgä mynasypdyr.

Gazhimiýa senagatynyň ösüşleri
27.10.22 - 19:20Garaşsyzlyk eýýamymyzda ýurdumyzyň himiýa senagaty asyrlara barabar ösüşleri başdan geçirýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagy, Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilmegi bilen, bu ugurda köp taraplaýyn işler durmuşa geçirilýär.

Geofizikler ynamy ödeýärler
20.10.22 - 12:09Mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň ýetip gelýän şanly 31 ýyllygy belentden toýlanjak «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginde amala aşyrylýan işler hem döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.

Ýokary taýýarlykly garşylaýarlar
20.10.22 - 11:58«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Göroglyetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işgärleri şu günler etrabyň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üznüksiz üpjün etmek bilen bir hatarda, etrabyň çäginde bar bolan gaz desgalaryny we bitewi gaz ulgamlaryny gyş möwsümine taýýarlamak ugrunda maksada okgunly işleri alyp barýarlar.

DÜNÝÄDÄKI IŇ ULY MIWE
19.10.22 - 10:12Dünýädäki agaçda ösýän iň uly miwe bu- Jekfrutdyr. Jekfruty ilkinji gezek görenleriň hemmesi gaty geň galýarlar. Ol tutlar maşgala degişli. Miwesiniň uzynlygy 20-90 sm, diametri 20 sm miweleriniň agramy 35 kg deň.

Nebithimiýa geljegi uly pudak
17.10.22 - 11:34Nebithimiýa pudagy agyr senagatyň has ösen ugurlarynyň biri bolup durýar. Ol nebiti we tebigy ýanyjy gazlary gaýtadan işlemeklige esaslanýan sintetik materiallaryň we önümleriň taýýarlanmagyny öz içine alýar. Bu ýerde esasy çig mal çeşmesi uglewodorodlar bolup durýar.

Gazçylaryň güýz-gyş aladalary
14.10.22 - 10:33Häzirki döwürde gojaman Şabady etekläp oturan Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny milli baýlygymyz bolan tebigy gaz bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýan «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary tarapyndan şäheriň çäginde bar bolan dürli basyşly gaz geçirijileriň 550 kilometre golaý ýerine, gaz paýlaýjy we sazlaýjy enjamlaryň bolsa 445 sanysyna gije-gündiziň dowamynda yzygiderli gözegçilik edilýändigini bellemek bolar.

Sanlylaşdyrma ýurdumyzyň KHBS-niň ösmegine ýardam edýär
04.10.22 - 09:27Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işjeň kämilleşdirilýän döwründe Türkmenistanda multimedia žurnalistikasyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gün metbugat habar beriş serişdeleri özgeriş tapgyryny başdan geçirip, onuň ahyrky maksady häzirki sanly media gurşawa uýgunlaşmak boldy.

Kim näçe iýmit iýýär?
28.09.22 - 14:28Tebigatda näçe janly jandar bar bolsa, olar iýmegiň hasabyna ömür sürýärler. Eýsem olaryň arasynda iň köp iýmit iýýänleri haýsylarka?