Makalalar
1649cd751e9c3c.jpeg
Belent sepgitleri nazarlaýan gazçylar
29.06.23 - 05:58

«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylary welaýat merkeziniň tebigy gazy ulanyjylaryny gymmatly «mawy ýangyç» bilen üpjün etmekde ýokary netijelere eýe bolýarlar.


1649b4747b147e.jpeg
Arkadag şäheri: Türkmen döwletiniň täze döredijilik döwrüniň ajaýyp hakykaty
28.06.23 - 01:32

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanda döwlet ähmiýetli şäheriň — Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy bolar.


1649b4208cd0c3.jpeg
Siziň üçin duşuşyk Aýna Durdylyýewa
28.06.23 - 01:09

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bellenilýän baýramçylyklar, taryhy seneler mynasybetli paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda giňden ýaýbaňlandyrylýan sergileriň birinde ajaýyp milli lybaslary bilen halkymyzyň arasynda giňden adygan «Mähirli zenan» modalar öýüniň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Aýna DURDYLYÝEWA bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi. Tejribeli telekeçiniň beren gürrüňlerini «Nebit-gaz» gazetiniň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildik.


164998a656619d.jpeg
Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy türki dünýäsine ajaýyp hyzmat baýragy bilen sylaglandy
26.06.23 - 17:53

TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň şanly 30 ýyllyk toýunyň türki döwletlerde giňden dabaralandyrylýan günlerinde Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde geçirilen Türki dünýäsiniň inžinerler we arhitektorlar birleşiginiň umumy ýygnagynda türk ýazyjy, Ýewraziýa ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ýakup Ömerogly Türk dünýäsine ajaýyp hyzmat baýragy bilen sylaglandy.


16497c6f7889d6.jpeg
Mahmal owazly bagşy Tawus Annamyradowa bilen söhbetdeşlik
25.06.23 - 09:47

Mähriban okyjylar, siziň üçin «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň halk saz gurallary toparynyň mahmal owazly bagşysy, 1996-njy ýylda «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň, 2010-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi Tawus ANNAMYRADOWA bilen söhbetdeşlik taýýarlamagy makul bildik.


16496e6205a00e.jpeg
Türkiýeli professor Ahmet Buranyň «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly täze kitaby çapdan çykdy
24.06.23 - 17:48

Ýaňy-ýakynda türkiýeli professor, filologiýa ylymlarynyň doktory Ahmet Buranyň «Sözi ganatlandyran şahyr – Magtymguly» atly täze kitaby çapdan çykdy.


1649347ecc0059.jpeg
Döwrebap zähmetiň netijesi
21.06.23 - 23:56

«Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümleriniň hünärmenleri uglewodorod çig mallaryna baý ýataklary senagat taýdan netijeli özleşdirmekde maksada okgunly işleri bitirmegiň hötdesinden gelýärler.


164903f288a9a2.jpeg
Gaz akdyryjylaryň gaýratly zähmeti
19.06.23 - 16:42

«Türkmengazakdyryş» birleşiginiň iň iri hem öňdebaryjy önümçilik düzümi bolan «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň gazçy hünärmenleridir işçileri ýurdumyzyň Mary hem-de Lebap welaýatlarynyň ilatynyň, şeýle hem olaryň çäklerindäki edara-kärhanalaryň tebigy gaz bilen üpjün edilmegi üçin ýokary basyşly gaz geçirijiler arkaly «mawy ýangyjyň» hemişe üznüksiz akdyrylmagyny üpjün edýärler.


1648a147996c9e.jpeg
Ruhubelent gazçylar
15.06.23 - 00:26

«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän «Çöllük» önümçilik edarasynyň gazçylary şu ýylyň ilkinji çärýegini netijeli jemlediler.


1647d90efda13a.jpeg
Gazçylaryň şäheri özgerýär
05.06.23 - 12:38

«Marygazçykaryş» müdirliginiň Ýaşaýyş jaý-jemagat kontorasynyň işgärleri Mary welaýatynyň Şatlyk şäheriniň ilatynyň gündelik oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edilmegi üçin maksatnamalaýyn işleri alyp barýarlar. Şäheriň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, gyş paslynda ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamynyň kadaly işlemegini gazanmak, durmuş hajatlaryndan çykýan lagym suwlaryny suw arassalaýjy desgasyna akdyrmak we ony biologik usulda arassalamak, şäheriň abadançylygyny üpjün etmek kärhananyň zähmet adamlarynyň berjaý edýän işleriniň esasy bölegini düzýär.


1646e656ade378.jpeg
Öňdebaryjylaryň netijeli işleri
25.05.23 - 00:28

Bu burawlaýjylar toparynyň agzalarynyň atlary diňe bir «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynda däl, eýsem, tutuş «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynda hem öňdebaryjylaryň hatarynda hormat bilen agzalýar. Munuň özi ýöne ýerden däldir. Biziň aşakdaky ýazgylarymyz hem bu öňdebaryjy toparyň agzalarynyň alyp barýan tutumly işleri, olaryň ýolbaşçysy, umumy işe mynasyp goşant goşýan adamlar hakynda bolar.


1646c4b73d413e.jpeg
Ylmy-barlag we taslama işleri Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmäge ýardam edýär
23.05.23 - 10:13

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz instituty ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek üçin onuň öňünde duran köp sanly toplumlaýyn meseleleri üstünlikli çözmäge ýardam etmek bilen, geologiýa gözleg, ýataklary işläp geçmeklige taýýarlamak we ulanyşa goýbermek, burawlamak, gaz pudagynyň ähli desgalarynda gurmak-gurnamak we durkuny täzelemek, şol sanda gazy gaýtadan işlemek we taýýar önümi sarp edijilere ugratmak boýunça ylmy-barlag we taslama işlerini ýerine ýetirýär.


1646bd03d4f6a4.jpeg
Ýurdumyzyň ekologiýa syýasaty
23.05.23 - 01:27

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ekologiýany we daşky gurşawy goramak babatda alyp barýan işleri täze ösüş tapgyrlaryna aýak basýar.


1646bcad0dfaa5.jpeg
Milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy
23.05.23 - 01:04

Türkmenistan uglewodorod serişdelerine baý ýurtlaryň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýär. Türkmen energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen dünýä döwletlerine ugratmak boýunça alnyp barylýan maksatnamalaýyn işleriň çäginde ýurdumyzda nebit we gaz gorlarynyň täze ýataklarynyň üsti açylýar.


1645e9a611c11e.jpeg
«Mawy ýangyjyň» eşretli höziri
13.05.23 - 00:58

Bahar paslynyň gelmegi bilen, toýlaryň toýa ulaşmagy «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Daşoguzşähergaz» gaz hojalyk edarasynyň gazçylaryny hem ösüşleriň täze belentliklerine ruhlandyrýar. Munuň şeýledigine olaryň Daşoguz şäheriniň ilatyny we edara-kärhanalaryny tebigy gaz bilen üpjün etmekde şu günler gazanýan guwandyryjy zähmet netijeleri hem doly güwä geçýär.