
Geljege gönükdirilen gerimli işler
20.09.22 - 21:49— Hormatly Prezidentimiz halkyň bähbidini hemme zatdan ileri tutýar, ilatyň abadan durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen çäreleri üstünlikli durmuşa geçirýär. Şonuň netijesinde düýpli özgerişler bolup geçýär. Bu diýýänlerime biziň etrabymyzyň mysalynda hem doly göz ýetirmek bolýar.

Ekeremiň edermen burawlaýjylary
11.09.22 - 16:31«Türkmennebit» döwlet konserni ýurduň ykdysadyýetinde iri önümçilik-hojalyk toplumy bolup, ol nebitgazly ýataklarda gözleg-barlag işlerini geçirmegi we olary işläp taýýarlamagy alyp barmak bilen, pudagyň ösüşiniň esasy maksatnamalarynyň toplumlaýyn çözgüdini tapmagyna mynasyp goşandyny goşýar.

Işleri ileri gazçylar
07.09.22 - 12:32«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň baýry kärhanalarynyň biri bolan «Boldumsazetrapgaz» gaz hojalygy edarasynyň işgärleriniň şu günler alyp barýan wajyp işleri aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Sanly usul milli bilim ulgamynda
04.09.22 - 22:45Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda, ýurdumyzda ykdysadyýetde sanly dolandyryş ulgamyna geçmek ýokary depginlerde alnyp barylýar. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy ykdysadyyetde amallaryň tizleşdirilmegine, maglumatlaryň tiz alşylmagyna we raýatlaryň gymmatly iş wagtlarynyň tygşytlanmagyna mümkinçilik berýär. Şol sanda, sanly bilim usullarynyň ornaşdyrylmagy milli bilim ulgamymyzyň dünýä derejeli ösüşlere ýetmegine giň ýol açýar.

Sargytlar berjaý edilýär
02.09.22 - 00:04Hormatly Prezidentimiziň döwrebap çözgütleri bilen barha rowaçlyklara beslenýän Diýarymyzyň milli ykdysadyýetiniň nebitgaz pudagynyň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Türkmennebit» döwlet konserniniň zähmet toparlary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda täze belentliklere ynamly gadam urýarlar.

Eşretli ertirleri nazarlap
09.08.22 - 14:41Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň bahasyz baýlygy bolan tebigy gazy okgunly ösüşleriň, eşretli ýaşaýşyň hyzmatynda goýup, bu babatda il-ýurt bähbitli syýasaty ýöredýär. Şeýle möhüm işe «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň «Lebapgazüpjünçilik» müdirliginiň agzybir işgärleri netijeli gatnaşýarlar. Olar agzybirlik bilen zähmet çekip, sarp edijileriň tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün edilmegini gazanýarlar.

Türkmenistanda güýz pasly medeni çärelere baý bolar
08.08.22 - 14:46Türkmen güýzüniň medeni çärelere baýlygy öz-özünden düşnükli, çünki sentýabr aýynda ýurdumyzyň baş baýramy – hemişe ruhubelentlik hem-de dabaraly ýagdaýda baýram edilýän Garaşsyzlyk güni giňden bellenilýär.

Döwrüň ruhuna mahsus işler
26.07.22 - 10:27Halkymyzy ýokary hilli nebit we nebit önümleri bilen üpjün etmekde döwrümiziň ruhuna mahsus işleri alyp barýan «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Gubadag nebit kärhanasynyň agzybir işgärleri şu ýylyň alty aýyny üstünlikli jemlediler.

Şerepli gaz ýatagyndan tebigy gazyň akymy alyndy
25.07.22 - 17:12Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sebitlerinde täze gaz ýataklaryny açyp, olary senagat taýdan özleşdirip, tebigy gazyň çykarylyşyny düýpli artdyrmak barada möhüm tabşyryklary berýär. Döwlet Baştutanymyzyň beren gaýragoýulmasyz tabşyryklaryny we görkezmelerini ýerine ýetirmek boýunça «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan düzülen maksatnamalaýyn meýilnama laýyklykda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary Mary welaýatynyň çägindäki täze gazly ýataklaryň birbada üçüsinde guýulary burawlamak işlerini giňden ýaýbaňlandyrdylar.

Çagalaryň “Gara altyna” gyzykly syýahatlary
25.07.22 - 12:53Tomsuň yssy wagtyna garamazdan, çagalar dynç almagyň, şatlygyň we umyt-arzuwlaryň, täze duşuşyklaryň, täze açyşlaryň döwrüni başdan geçirýärler. Uly adamlaryň esasy aladasy çagalaryň dynç alyş möwsümini sagdyn we ýatdan çykmajak wakalara baý bolan pursatlara öwürmekden ybaratdyr.

Binýatlyk toplumdaky buýsançly işler
21.07.22 - 22:59Hormatly Prezidentimiz döwlet derejesindäki geçirýän mejlislerinde, maslahatlarynda edýän çuň many-mazmunly we maksatnamalaýyn çykyşlarynda, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmeginde, şonuň netijesinde-de halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagynda ata Watanymyzyň milli ykdysadyýetiniň ýangyç-energetika toplumynda bitirilýän tutumly işlere mynasyp baha bermek bilen, bu ulgamda gazanylýan üstünlikleriň öz döwrebap dowamyny tapmagy üçin ägirt uly işleri amala aşyrýar.

Jogapkärli möwsüme taýýarlyk
20.07.22 - 10:22«Marygazüpjünçilik» müdirliginiň şäher hem-de etrap gaz hojalyk edaralarynyň işgärleri ýörite düzülen iş meýilnamasyna laýyklykda gaz geçirijileri, gaz paýlaýjy hem-de gaz sazlaýjy enjamlary güýz-gyş möwsümine taýýarlamak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar.

Ýurdumyzyň sebitleri we pudaklary toplumlaýyn özgerdilýär
19.07.22 - 11:51Häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň baş ugurlary, esasan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» öz aýdyň beýanyny tapdy.

Binýatlyk toplumdaky buýsançly işler
19.07.22 - 11:48Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet derejesindäki geçirýän mejlislerinde, maslahatlarynda edýän çuň many-mazmunly we maksatnamalaýyn çykyşlarynda, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli kabul edýän Kararlarydyr çözgütlerinde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň barha belende göterilmeginde, şonuň netijesinde-de halkymyzyň...

Iň uly tebigy tokaýlar
19.07.22 - 11:39Tokaýlaryň howanyň arassalygyny saklamakda peýdaly taraplary ylymda bireýýäm subut edilendir. Şonuň üçin täze emeli tokaýlyklary döretmek bilen birlikde tebigatyň deňsiz-taýsyz mirasy bolan tebigy tokaýlyklary gorap saklamaga aýratyn ähmiýet berilýär.