Zeýtun ýagynyň peýdasy
19.02.22 - 09:51Zeýtun agajyna saglygyň agajy diýilýär. Zeýtun ýagynyň bejeriş häsiýetleri bolsa aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu iýmit önümi holesteriniň derejesini peseltmekde örän ähmiýetlidir. Şonuň üçin atereskleroz, ýürek-damar, diabet kesellerinde bu ýag giňden ulanylýar. Şeýle-de zeýtun ýagy sowuklamanyň öňüni almakda, şonuň bilen bagly bedeniň näsazlyklaryny bejermekde örän peýdalydyr.
Kädi çigidi
19.02.22 - 09:46Kädi çigidi beden üçin peýdaly önümleriň biridir. Onuň düzüminde PP, A we E, D, C, B topar witaminleri bar. Bu önümiň düzümindäki pektin, Omega-6, Omega-3, sellýuloza, aminokislotalar, demir marganes, fosfor, mis, sink, ýod, kobalt, hlor we kremniý ýaly maddalar gymmatly iýmit çeşmeleri bolup durýar. Kädi çigidi horlanmak isleýänler üçin gerekli önüm bolup durýar.
Mung noýbasy - mäşiň adam saglygyna peýdasy
05.01.22 - 22:16Mäş (Mung noýbasy) Hindistandan gelip çykan kiçijik, ýaşyl, ýumurtga görnüşli kösükli ekindir. Mäşde witaminleriň we minerallaryň düzümi gaty deňagramly bolup, olary ýokumly we sagdyn önüme öwürýär.
Badamjan
11.12.21 - 08:14Badamjan — itüzümler maşgalasyna degişli bolup, esasan, birýyllyk otjumak ösümlikdir.
Limon garylan suw saglyga melhemdir
05.12.21 - 11:47Saglygyňy berkitmekde we dikeltmekde limonly çaýdan başga limonly suw hem peýdalanylýar. Melhem suwy taýýarlamak üçin limonyň çaýa atylýan möçberi ýeterlikdir. Bu miwäniň ynsan saglygyna peýdasy hakynda türkmen, arap, pars, tibet tebipleriniň iýmit hakyndaky kitaplarynda görkezilendir.
Jöweniň unundan bişirilen çörek köp dertleriň dermany hasaplanylýar
05.12.21 - 00:18Ata-babalarymyz jöweni gadym döwürlerden bäri ekipdirler hem-de ony iýmit maksatly ulanypdyrlar. Onuň unundan bişirilen çörege ene-mamalarymyz «zagara» diýip at beripdirler.
Mesge ýagyny iýmit düzümine salmak üçin 3 sebäp
04.12.21 - 23:23Saglyk üçin peýdaly önümler barada aýdylanda, olaryň arasynda mesgäniň ähmiýeti has uludyr. Berhiz lukmanlarynyň maslahat bermegine görä, mesge ýagy biziň iýmit düzümimizde hemişe bolmalydyr.
Nädip saç düşmesiniň öňüni almaly?
03.12.21 - 23:25Owadan saçly bolmak erkekleriň we aýallaryň arzuwy. Geliň indi bolsa, saç dökülmesine garşy kabir gök önümleriň peýdasy hakynda durup geçeliň!
Ýaramaz endikden daşlaşylandan soň...
01.12.21 - 23:17Zyýanly endik goýlandan soň bedendäki özgerişler barada «Zreloýe zdorowýe» žurnalyna salgylanyp, «Pulse.mail.ru» habar berýär.
Ýeralma
01.12.21 - 22:46Ülkämiziň tebigy şertlerinde ýeralmadan bir ýylyň dowamynda 2 hasyl alyp boljakdygyny kärendeçi daýhanlar nygtaýarlar.
Gyşda iýmitlenmek üçin peýdaly önümler
01.12.21 - 22:20Gyşda iýmitlenmek üçin peýdaly önümler.
Alymlar almanyň beýni üçin peýdaly häsiýetlerini subut etdiler
30.11.21 - 14:17Almanyň düzüminde saklanýan tebigy birleşmeler täze beýni öýjükleriniň öndürilmegine itergi berýär. Bu bolsa ýady we kognitiw funksiýalary kämilleşdirmäge kömek edýär.
Hünärmenler ertirlik naharynda nämeleri iýmelidigini aýtdylar
30.11.21 - 14:11Adamlaryň köpüsi sagdyn iýmitlenmegiň ýollaryny ähli tarapdan öwrenýärler, ýöne gaty ýönekeý soraglara gezek gelende welin aljyraýarlar diýip, cursorinfo.co.il ýazýar.
Beden maşklarynyň ähmiýeti
27.11.21 - 00:49Beden maşklarynyň iň peýdaly görnüşlerinden biri irdenki türgenleşiklerdir. Ukudan oýanyp, beden ähli funksiýalary ýuwaş-ýuwaşdan dikeldýär, irdenki türgenleşik bolsa bu prosesi has hem çaltlandyryp, bedeniň fiziki ýagdaýyny gowulandyrýar.
Sagdyn durmuş endiklerini kemala getirmek üçin peýdaly maslahatlar
24.11.21 - 22:46Sagdyn durmuş endiklerini kemala getirmek üçin peýdaly maslahatlar.