Ýürek üçin peýdaly içgiler
26.06.22 - 10:20Ýürek ynsan bedeniniň wajyp wezipeleri ýerine ýetirýän esasy organlarynyň biri bolup durýar. Onuň saglygy doly we bagtly ýaşaýşyň kepilidir. Ýüregi türgenleşdirmek we peýdaly iýmit önümlerini ulanmak onuň saglygyny goramakda möhümdir. Beden üçin örän wajyp bolan bu organyň talabalaýyk işlemeginde dürli içgileriň hem ähmiýeti uludyr. Elbetde, ilki bilen peýdaly içgilerden suwy aýratyn bellemek gerek.
Kelem — saglyga peýdaly önüm
26.06.22 - 10:01Kelemiň dürli görnüşleri bolup, olar saglyga edýän täsiri hem-de ulanylyşy boýunça tapawutlanýar. Häzirki wagtda kelemiň ak we gyzyl görnüşleri giňden ýaýrandyr. Lukmanlar bu önümi islendik ýaşda we saglyk bilen balanyşykly nähoşluklarda iýmegi maslahat berýär.
Çaga terbiýesinde peýdaly maslahatlar
25.06.22 - 18:56Her bir ata-ene öz çagasynyň akylly, terbiýeli, başarjaň, maksada okgunly, ruhubelent, geljege ynamly adam bolup ýetişmegini isleýär. Şonuň üçin çaga terbiýesi ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň hatarynda goýlupdyr. Türkmen halky nesil terbiýesini mukaddes hasaplap, bu babatda kemala gelen milli ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip gelipdir.
Sport bilen meşgullanmaga başlamazdan öň maşk etmeli
24.06.22 - 13:40Hünärmenler sport bilen meşgullanmagyň myşsalaryň we ýürek-damar ulgamynyň berkemegine peýda edýändigini belleýärler. Ýöne sportuň ol ýa-da beýleki görnüşi bilen meşgullanylanda nädogry hereket etmezlik we şikes almazlyk üçin şulary maslahat berýärler.
Üstünlige ýetmegiň ýedi usuly
15.06.22 - 23:07Şowlulyk we üstünlik adamlary hemişelik hem gyzyklandyryp geldi. Näme üçin hemme adamlaryň deňligine seretmezden, bir adam ilkinji gezek ýaryşa gatnaşýar we ýeňiji bolýar, beýlekilerde bolsa üstünlik ony görmezden geçýän ýaly bolýar diýip “Lukman Piter” belleýär.
KOKOS AGAJYNYŇ PEÝDASY
01.06.22 - 14:14Alymlaryň bellemegine görä, kokos agajy biziň günlerimize çenli saklanyp galan dünýädäki iň gadymy ösümlikleriň biri. Agajyň uzynlygy 25 metre, ýapraklarynyň uzynlygy 4 metre çenli ýetýär.
Okamagyň peýdasy
01.06.22 - 00:16Google-yň geçiren gözlegleri häzirki wagtda dünýä ýüzünde 129 milliondan gowrak kitabyň (çeper, publisistik we ylmy eserler) bardygyny görkezýär. Ynsan okamak bilen durmuşa göz ýetirýär, düşünjesini giňeldýär, aň taýdan ukyp-başarnyklaryny artdyrýar.
Ýeňil atletikanyň saglyga peýdasy
29.05.22 - 23:33Ýeňil atletika bedeniň umumy işjeňligini artdyrýar we ýürek-damar ulgamyny güýçlendirýär, sebäbi aýaklaryň myşsalarynyň hemişe dartylmagy we rahatlanmagy amala aşyrylýar. Kapillýarlaryň gowy türgenleşigiň netijesinde has çeýe häsiýete eýe bolmagy bilen, ownuk gan damarlarynyň bedeniň dürli ýerlerine köp kislorod we ýokumly maddalar eltip bermäge ukyplary ýokarlanýar. Şeýle hem bedeniň alyş-çalyş prosesi ýokarlanýar, artykmaç kaloriýa işjeň sarp edilýär.
Ysgynsyzlygy, ýadawlygy nädip ýeňmeli?
25.05.22 - 01:34Ýadawlyk her bir ynsana mahsus häsiýetleriň biridir. Elbetde, fiziki, aň işjeňligi, gündelik zähmet adamyny belli bir derejede surnukdyrýar. Şeýle ýagdaýlarda sagdyn uky, dynç alyş, dost-ýarlaryň, maşgala agzalaryň bilen gyzykly, şadyýan wagtgeçirmeler ýadawlygyňy aýyryp, güýç-kuwwatyňy dikeldýär. Eger-de, toplanan ýadawlyk birnäçe günüň dowamynda saklanyp, bedeniň güýç-kuwwaty dikelmeýän bolsa, onda ol öz saglygyňa, ýaşaýyş-durmuş şertleriňe üns bermelidigiň aýdyň alamatydyr.
Woleýbolyň peýdasy
25.05.22 - 01:22Woleýbol 1895-nji ýylda amerikaly gimnastika mugallymy bolan Willýam Morgan tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Şeýle-de, sportuň bu görnüşi meşhurlykda futboldan soňra ikinji orunda durýar, maglumatlara görä, häzirki wagtda dünýäde bir milliarda golaý adam woleýbol bilen meşgullanýar.
Ukynyň peýdasy
25.05.22 - 00:57Kadaly uky sagdyn, bagtyýar durmuşyň özenidir. Adam ukyda wagty bedende dikeldiş we sagaldyş hadysalary hereket edýär. Şonuň üçin günüň dowamynda uly adamlara azyndan 8 sagat, çagalara bolsa 10 sagat uklamak maslahat berilýär.
Petruşkaň peýdasy
24.05.22 - 20:54Petruşkadaky süýüm iýmit siňdiriş ulgamynyň hereketini ýokarlandyrýar. Süňkleri berkitmek, gözüň saglygyny goramak we keselleriň öňüni almak üçin bu önümiň peýdasy uludyr.
Sagdyn horlanmak
17.05.22 - 16:51Kabul edilýän iýmitiň kaloriýasy sarp edişden artyk gelse, bedende artykmaç agram, semizlik peýda bolýar. Sarp edilmeýän energiýa bedende ýag görnüşinde ýygnalyp, wagtyň geçmegi bilen howply keselleriň döremegine sebäp bolup bilýär.
Gara sarymsak peýdalymy?
15.05.22 - 11:28Adaty sarymsak gündelik iýmitimizde ýygy ulanylýan önümleriň biridir. Siz gara sarymsak barada eşitdiňizmi? Bu üýtgeşik düzüm çig ýa-da adaty sarymsakdan alynýar we täze sarymsak ýaly ähli peýdaly täsirleri özünde saklap, ýüregiň saglygyny saklamakda aýratyn ähmiýetli hasaplanýar.
Kömelegiň peýdasy
15.05.22 - 01:15Ýer ýüzünde kömelekleriň Panellus, Sezar kömelegi, Klawariýa kömelegi, Rodotus.... ýaly birnäçe täsin görnüşleri bar. Kömelekler iýilýän, şertli iýilýän we iýilmeýän hem-de zäherli görnüşlere bölünýär. Iýilýän kömelekler ak kömelekdir.