Peýdaly maslahatlar
1634f8aed668da.jpeg
Çaganyň saglygyny goramak
19.10.22 - 10:28

Irki ýaşlarda çagalaryň bedeninde yzygiderli üýtgeşmeler bolup geçýär. Bu döwürde olaryň saglygyny berkitmek, möwsümleýin kesellerden goramak, daşky gurşawa we onuň şertlerine uýgunlaşmagyny gazanmak her bir ene-atanyň wajyp aladasy bolup durýar.


163458dc5907d1.jpeg
Arpa dänesiniň peýdasy
11.10.22 - 20:37

Arpa dänesi galla önümi bolup, çalt bişmegi we has-da peýdaly bolmagy üçin daşy gabyksyz ýagdaýda alynýar. Ol, esasan çorbaly naharlara, işdäaçarlara goşulýar we agyr nähoşluklarda we saglygy dikeltmekde ulanylýar. Dänäniň düzüminde peýdaly elementler kän mukdarda saklanýar. Arpa dänesi gadymy zamanlarda hem iýmit hökmünde ulanylypdyr, ol «soltanlaryň iýmiti» adyna eýe bolupdyr.


163458b244c6d9.jpeg
Ananas – peýdaly miwe
11.10.22 - 20:26

Watany Günorta Amerika hasaplanylýan ananasy ösdürip ýetişdirmek XIX asyryň başlarynda has-da giň gerime eýe bolupdyr. Häzirki wagtda bu miwe Taýlandda, Flippinlerde we Braziliýada köpçülikleýin öndürilýär. Ananasyň süýji, ýakymly ysly we şireli miwesi ony köpleriň islegli miwesine öwürdi. Şeýle-de, onuň beden üçin peýdaly aýratynlyklary aýratyn bellenmäge mynasypdyr.


16337365498783.jpeg
Ykjam telefonlaryň peýdaly aýratynlyklary
30.09.22 - 23:32

Telefony sim-kartasyz ulanmagy göz öňüne getirmek kyn. Şeýle-de bolsa, täze ulgamyň kömegi bilen häzirki wagtda sim-kartasyz telefonlaryň ulanylyşynyň gerimi barha giňeýär.


163372cc649fcc.jpeg
Armydyň peýdasy
30.09.22 - 22:52

Köpýyllyk miwe berýän agaçlaryň biri-de armytdyr. Häzirki wagtda onuň 500-den gowrak görnüşi bellidir. Miwäniň yşyklandyryja meňzeş, tegelek we silindr ýaly görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Armydyň gabygy ýuka we galyň, reňki açyk, goýy sary, goňur we gyzyl mämişi bolýar.


16329fadfe1000.jpeg
Çaga terbiýesinde peýdaly maslahatlar
20.09.22 - 22:39

Her bir ata-ene öz çagasynyň akylly, terbiýeli, başarjaň, maksada okgunly, ruhubelent, geljege ynamly adam bolup ýetişmegini isleýär. Şonuň üçin çaga terbiýesi ähli döwürlerde hem möhüm wezipeleriň hatarynda goýlupdyr. Türkmen halky nesil terbiýesini mukaddes hasaplap, bu babatda kemala gelen milli ýörelgelerini nesilden-nesle geçirip gelipdir.


1632496e414966.jpeg
Zeýtun — witaminleriň we minerallaryň gory
16.09.22 - 20:31

Zeýtun witaminleriň we mikroelementleriň baý toplumyny özünde saklap, oňa «Ortaýer deňziniň suwuk altyny» diýilýär. Bu täsin önümden taýýarlanylýan zeýtun ýagy bolsa durmuşda giňden ulanylýar. Witamin ýetmezçiliginiň öwezini dolýan zeýtun gündelik iýmitlerde, lukmançylykda, halk tebipçiliginde gymmatly serişde hasaplanýar.


163221905d282d.jpeg
Mekgejöweniň peýdasy barada
14.09.22 - 23:10

Mekgejöwen ýüz ýyl mundan ozal iň ekzotik önümleriň biri bolupdyr, şeýle-de bolsa häzirki wagtda ol giňden ýaýrandyr. Taryhçylaryň bellemegine görä, mekgejöwen gadymy hindilerde mukaddes önüm hasaplanypdyr.


1631dd698522fb.jpeg
Atda gezelenç etmegiň peýdasy
11.09.22 - 17:37

Türkmeniň behişdi ahalteke bedewleriniň türkmen halkynyň şöhratly taryhynyň, baý geçmişiniň aýrylmaz bölegi bolup, gymmatly milli baýlygymyz hasaplanýar. Häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň barlaglary atda gezelenç etmegiň ynsan bedenine edýän peýdasyny, ruhuňy göteriji, şähdiňi açyjy aýratynlyklaryny ýüze çykardy.


1631882c014fe4.jpeg
Stress we ondan halas bolmagyň ýollary
07.09.22 - 16:38

Stress, adamyň durmuşynyň dürli döwürlerinde ýüze çykýan, adaty tertibe täsir edýän we uýgunlaşmagy talap edýän her dürli ýagdaýy öz içine alýar. Stress faktorlary gysga möhletli "ýiti" ýa-da uzak dowam edýän "dowamly" faktorlar bolup biler. Ýiti stresler ýakyn adamyňy ýitirmek, aýrylyşmak, iş ýerini üýtgetmek, karzy yzyna almak, ýaşaýan ýeriňi üýtgetmek ýaly üýtgeşmeleri, şeýle hem nikalaşmak, adatdan daşary şahsy üstünlik, dynç alyşa gitmek ýaly faktorlary öz içine alyp biler.


162fbc67a868bd.jpeg
Jana şypaly garpyz
16.08.22 - 21:31

Türkmen topragynyň bereketli önümi bolan garpyz tomus paslynda suwsuzlygyňy gandyryjy, şirin tagamly, saglygyňa peýdaly, hemmeler tarapyndan uly höwes bilen saçaklara alynýan, günde diýen ýaly kabul edilýän önümleriň birine öwrülýär. Garpyzyň düzüminde A, B, C, E witaminleri, magniý, kaliý, kalsiý, fosfor, demir, natriý ýaly himiki elementler bar. Şeýle-de, onuň düzüminiň 90 göterimi suwdan ybaratdyr. Bu bolsa bedeniň suwunyň deňagramlylygyny saklamakda peýdalydyr.


162f94f5ae99af.jpeg
Gawun — şirin derman
15.08.22 - 00:39

Tomus möwsüminde bereketli türkmen topragynyň boldan eçilýän lezzetli önümleriniň biri-de gawundyr. Gadym zamanlardan bäri güneşli Diýarymyzyň bereketli topragynda ýetişen gawun-garpyzlar beýleki döwletlerde uly meşhurlykdan peýdalanýar.


162d1b8dbc0585.jpeg
Günüň ýiti şöhlesinden goranmaly
15.07.22 - 23:58

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenini Günüň ýiti şöhlesinden goramak zerurlygyny ýüze çykarýar. Lukmanlar zerurlyk bolmadyk ýagdaýynda, tomus möwsüminde daşary çykmazlygy maslahat berýär. Kiçi ýaşly çagalaryň bolsa howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmagy howply ýagdaýlaryň döremegine sebäp bolup biler.


162d03ab320919.jpeg
Agaçlaryň adam saglygyna peýdaly täsiri
14.07.22 - 20:48

Daragtlar adamlara meňzeýär diýýärler. Doly goşulýan. Olar çyndanam adamlara – olaryňam iň gowularyna meňzeýärler. Sebäbi goja zeminiň iň uzak ömürli barlyklary bolan agaçdyr-baglaryň esasy wezipesi ýagşylyk etmek. Olar howadan zyýanly gazlary özlerine sorup alyp, yzyna bolsa biziň dem almagymyz üçin arassa howa bölüp çykarýarlar.


162ce7004f120d.jpeg
Gaýnag suw – derdiňe derman
13.07.22 - 12:11

Tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy ynsan bedenine ýaramaz täsirlerini ýetirip bilýär. Jöwzaly günlerde saglygyňy goramak üçin bellenen düzgünleri, berilýän maslahatlary ýerine ýetirmek örän wajypdyr. Lukmanlar her gün azyndan 2 litr suw içmegi maslahat berýär.