10 gün dogry iýmitlenenden soň bedende nähili üýtgeşmeler bolar?
08.02.23 - 15:30Köp adam ýylyň başynda sagdyn iýmitlenmäge geçmäge,elbetde, horlanmak ýa-da saglyk ýagdaýyny gowulaşdyrmak barada özlerine söz berýärler. Şeýle-de bolsa, köp adamlar derrew netijeleri görmeýändikleri üçin bu pikirden çalt ýüz öwürýärler. Hakykatdanam gowy iýmek, çalt horlanmaga ýa-da saglygyň gowulaşmagyna getirmez.
Her gün üçin 5 sany möhüm maslahat
17.01.23 - 16:49Her gün üçin 5 sany möhüm maslahat.
Mekdep tagtasy näme üçin ýaşyl reňkde?
17.01.23 - 16:20Häzirkizaman mekdeplerinde mekdep tagtalary diňe hek bilen däl, eýsem markerler bilen ýazmak üçin dürli reňklerde bolup bilerler. Şeýle-de bolsa, birneme öňki döwürde okuw jaýlarynda ilkibaşda gara reňkli, kähalatlarda goňur reňkli tagtalar ulanylypdyr.
ALYMLAR SPORTYŇ HAÝSY GÖRNÜŞINIŇ ADAM ÖMRÜNI UZALDÝANDYGYNY ANYKLADYLAR
26.12.22 - 20:02Suwda ýüzmek adam üçin iň peýdaly sportdygyny yzygiderli tejribeler arkaly subut etdiler. Tejribeleriň netijelerine görä, 32 ýylyň dowamynda yzarlanan 20-90 ýaş aralygyndaky 40 müňden gowrak erkek adamlaryň üstünde geçirilen gözlegde ylgawçylara we ýöremegi halaýanlara garanyňda, ýüzüjileriň ölüm howpy 50% pesdi.
Kädiniň peýdasy barada
12.12.22 - 15:32Kädi peýdaly elementlere baý bolup, berhizlik üçin ýygy-ýygydan peýdalanylýar. Gadymy zamanlarda bu önümden dürli dermanlyk serişdeleri taýýarlanylypdyr, Lukman Hekim bolsa ony rahatlandyryjy, köşeşdiriji melhem hökmünde ulanmagy maslahat beripdir. Taryhçylaryň maglumatlaryna görä, kädi mundan ençeme müňýyllyklar öň hem ulanylypdyr.
Gyzyl kelem – derdiňe melhem
12.12.22 - 14:53Hünärmenler gyzyl kelemi hökman iýmitlik rejäňe goşmagy maslahat berýärler. Bu önümiň peýdasy ikuçsyz bolsa-da, ony köp mukdarda yzygiderli kabul etmek bolmaýar. Ol witaminlere we mikroelementlere baý bolup, ýaşululara, çagalara hem-de geljekki enelere maslahat berilýär. Onuň düzüminde peýdaly elementlerden retinol, askorbin kislotasy, witaminleriň topary, demir, magniý, sink, ýod, kalsiý, kaliý, marganes, fosfor we beýlekiler bar.
Bedene eti – peýdaly önüm
12.12.22 - 14:35Bedene eti ýeňil özleşdirilýän berhizlik önümlere degişlidir. Onuň düzüminde süňkler we myşsalar üçin peýdaly bolan beloklar köp mukdarda saklanýar. Bu bolsa sport bilen meşgullanýan adamlara, şeýle hem ösüp barýan çagalara peýdalydyr. Bedene etinde süňk we myşsa derisininiň ýagdaýyny gowulandyrýan kaliý, fosfor, mineral düzümleri, iýmit siňdiriş, nerw ulgamlarynyň işine oňaýly täsir edýän B witamin toparlary bar.
Balyk etiniň peýdasy
04.12.22 - 21:34Balyk aşa doýgun belokleryň çeşmesidir. Şeýle ýagdaýda, belokda beden üçin wajyp bolan aminokislota düzümleri örän köp mukdarda bolýar. Olar bolsa öz gezeginde myşsalaryň gurluşynda, süňkleriň, dokumalaryň sagdynlygyny saklamakda möhümdir. Şeýle-de, balyk etiniň düzümi ýarymdoýgun ýag kislotalaryna hem baýdyr.
Zeýtun şalygy
04.12.22 - 19:10Ýer ýüzünde Ispaniýada iň köp öndürilip, Gresiýada bolsa, iň köp sarp edilýän, elde ýygylýan ösümlik şerbeti bolan, ýylda 4 litre golaý ýag berýän her bir zeýtun agajy aslynda 2000 ýyla golaý wagt ömür sürmäge ukyplydyr.
Ukynyň syrly dünýäsi
04.12.22 - 18:56Uky ýaşaýyşyň janly- jandarynyň ömrüniň esasy bölegini düzýän wagty. Ukynyň täsiri, onuň ynsan saglygy bilen baglanşykly ýüzlerçe zatlara täsir edýänligi, ýene- de janly - jandaryň ukusynyň äleme gatnaşygy barada gürrüň etmek üçin elbetde ukynyň syrly dünýäsi hakda gyzyklanmak ýeterlik däl - de eýsem lukmançylyk ylmynda , biologiýada we tebigat ylymlarynda uka gidýän jandarlar, ýa - da gyş ukusyna gidýän jandarlar, ýa - da ömrüniň köp bölegini ukyda geçirýän jandarlar hakda hem söz açmak gyzykly bolsa gerek?!
Ýöremek — saglyga peýdaly
19.11.22 - 23:31Saglygyňy goramak, sagdyn ömür sürmek her bir ýaşda möhüm bolup durýar. «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» diýlişi ýaly, ynsan özüni güýç-kuwwatly, ruhubelent, göwnaçyk duýanda, onuň durmuşy we ýaşaýşy has-da gözelleşýär. Saglygyňy berkitmegiň, göwnüňi açmagyň, ruhuňy götermegiň ýönekeý we elýeterli görnüşleriniň biri-de arassa howada ýöremekdir.
Günebakar çigidi
19.11.22 - 22:50Çigit- birýyllyk günebakaryň tohumy bolup, ol ýag öndürmek we iýmit üçin ulanylýar. Bu tohumlaryň uzynlygy 10-15 mm, ini bolsa 7-8 mm bolýar. Arassalanan çigitleriň 100 gram möçberinde ýaglar 49.57 gr, uglewodlar 18.76 gr, beloklar 22.78 we suw 1.21 gr mukdarda saklanýar. Günebakar çigitleriniň bedeniň saglygyny goramakda peýdaly aýratynlyklary bar, ýöne muňa garamazdan olary köp mukdarda yzygiderli ulanmak maslahat berilmeýär.
Nar — ýokumly miwe
19.11.22 - 13:17Nar miwesi baradaky ýatlamalar öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýar. Bu miwäniň daşky görnüşi, özboluşly goýy gyzyl reňki, täje meňzeş ösüntgisi onuň «şalaryň miwesi» adyna eýe bolmagyny düşündirýär.
Gülmegiň peýdasy barada
19.11.22 - 12:47Häzirki tehnologiýalaryň ösen döwründe adamlaryň durmuş we iş şertleri yzygiderli gowulanýar we kämilleşýär. Muňa garamazdan ösen şäherlerde gündelik durmuşyň tizligine, täzeliklerine öwrenişmek aňsat däl. Şeýle şertlerde saglygyňy goramak, öz bedeniň barada alada etmek, içki dünýäňi mähirli duýgular, ýatlamalar bilen baýlaşdyrmak, göwnüňi açmak has-da möhümdir.
ALYMLAR TELEFONY ÝAKYNYŇDA GOÝMAGYŇ ZYÝANYNY DÜŞÜNDIRLER
19.10.22 - 11:38Häzirki wagtda tehnologiýalaryň ösmegi bilen durmuş has kämilleşýär. Emma olaryň ýetirýän peýdasynyň bolşy ýaly, zyýany hem bardyr.Jübi telefonlary, soňra bolsa smartfonlar döräli bäri olaryň bedene täsiri barada diňe bir alymlar däl, eýsem ýönekeý ulanylyjylar hem gyzyklanýar.