
Watan mertebesi beýikdir, goragy mukaddes borçdur
27.01.21 - 15:02Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen senesi — her ýylyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni türkmeniň watansöýüjiliginiň, mertliginiň, gaýduwsyzlygynyň mertebe baýramyna öwrüldi.

ÝARAGLY GÜÝÇLER — ASUDALYGYŇ WE PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI
27.01.21 - 14:39Ine, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda ata Watanymyz Türkmenistanda Ýaragly Güýçlerimiziň döredilmeginiň 29 ýyllygy we Watan goragçylarynyň güni uludan tutuýarl.

«Watan ogly mertden geler»
26.01.21 - 15:52Ýurdumyzda giňden bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli türkmen ýigidiniň şahsyýetini bezeýän ajaýyp gylyk-häsiýeti bolan «mertlik» babatda söhbet etmeklik, biziň üçin diýseň ýakymlydyr. Häzirki zaman milli söz sungatynda «mertlik» taglymy barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak täsin şahyrana eserleri göz öňüňe gelýär.

Bäşimgeldi SAPARDURDYÝEW Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýyna täze aýdymlary bilen halkymyza lezzet paýlar
24.01.21 - 15:51Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň medeniýet öýüniň zehinli aýdymçysy Bäşimgeldi Sapardurdyýewiň aýdymlaryny gaýta-gaýta diňläsiň gelýär, sebäbi olar seniň göwün dünýäňe ylham paýlaýar. Onuň ýerine ýetirýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Baga seýle», «Käkilik», «Garaşýan» ýaly aýdymlary köpçüligiň söýgüsine mynasyp boldy. Biz hem «Nebit-gaz» gazetiniň okyjylarynyň islegini nazarda tutup, onuň bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Buýan — ýiti ýokanç kesellerden goranmakda netijeli serişde
23.01.21 - 19:06Ýakynda Germaniýanyň Essen uniwersitet hassahanasynyň alymlary koronawirusy ýok edýän derman serişdesini taýýarladylar. Onuň düzüminde buýan köküniň ekstraktynyň bardygy bellenildi. Buýan ynsan saglygy üçin taýsyz melhem. Ylmy çeşmeleriň habar bermegine görä, buýan kökünde glisirin, flawonoidler, steroidler, efir ýagy, C witamini, şeýle hem krahmal saklanýar. Glisiriniň mukdary 6%-e golaýlaýar. Onuň süýjüligi şekeriňkiden 40 esse ýokarydyr.

Çagalarda sowuklama ýa-da ýiti respirator wirus ýokançlaryň öňüniň alnyşynyň usullary
23.01.21 - 18:28Çagalarda sowuklama we üsgülewük ýygy duş gelýär. Sowuklamany, köplenç, wiruslar we bakteriýalar döredýär. Sowuklama keselleri wiruslar tarapyndan döredilende, olara ýiti respirator wirus ýokançlary diýilýär (ÝRWÝ), olar dem alyş ýollarynyň dürli böleklerinde: burunda, bogazda, kekirdekde, traheýada, bronhlarda we öýkende sowuklamany döredip bilýärler.

AÝDYM – ONUŇ ÝÜREK OWAZY - Ahmet ORAZGULYÝEWYŇ doglan gününe
21.01.21 - 23:44Aýdym — adamlaryň göwün syrdaşy. Gowy aýdym ýa-da saz diňläniňde, göwnüň ylhamlanýar. Çünki aýdym-saz – kalplaryň melhemi. Ine, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrap medeniýet öýüniň baş hünärmeni, aýdymçy Ahmet ORAZGULYÝEWIŇ aýdymlary hem ynsan kalbyna mähir paýlaýar. Onuň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän aýdymlary diňleýjileri özüne çekýär. Bu-da biziň aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagymyza itergi berdi.

Siziň üçin duşuşyk Aýjeren REJEBOWA
17.01.21 - 19:19Teleýaýlymda tomaşaça hödürlenýän her bir gepleşigiň täsirli bolmagy ilki bilen alypbaryjynyň ukyp-başarnygyna baglydyr. Munuň, hakykatdanam, şeýledigini Aýjeren Rejebowanyň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleýaýlymy arkaly halkymyza ýetirilýän «Myhmançylykda» atly gepleşigi subut edýär.

Jogapkärli işiň ussady
16.01.21 - 23:42Onuň zähmet depderçesinde 1983-nji ýylyň 11-nji iýulynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň häzirki Abatlaýyş-sazlaýyş müdirliginde zähmet ýoluna başlandygy barada diňe bir ýazgy bar.

Ýolagçy (Oýlanma)
16.01.21 - 18:11Men bir ýolagçy. Ýöräp barýan ýolumyň nirede, haçan, nähili tamamlanjakdygy hakynda düýbünden pikir edemok. Diňe duşumdan geçirýän ajaýyplyklarymy synlap lezzet almagy söýýärin.

Täze Maksatnama – aýdyň wezipeler
12.01.21 - 14:26Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli we çuňňur oýlanyşykly syýasatynyň netijesinde, diwersifikasiýa ýoly bilen gülläp ösýän Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly ösüşler gazanylýar.

Ajaýyp döwür döretmäge ganat berýär
05.01.21 - 14:00Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň edebiýatynyň öňe çykaran zehinleriniň biri Aýşat Hojamuhammedowanyň ady köp sanly okyjylara tanyşdyr.

Hojadurdy Ýegendurdyýew: «Tanalmak — bu entek üstünlik däl»
10.01.21 - 21:27Il içinde gülküli degişmeleri bilen adygan, Türkmenistanyň at gazanan artisti Hojadurdy Ýegendurdyýewiň her bir tomaşaça gülki-şatlyk paýlaýşy, özüne ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirişi bizi onuň bilen söhbetdeşlik etmäge iterdi.

Eldar Ahmedowyň täze ýylda Iň uly maksady hiç wagt unudylmajak aýdymlary döretmek
30.12.20 - 19:06Halkymyzda «Ile döwlet geler bolsa, bagşy bilen ozan geler» diýlen ajaýyp jümle bar. Bagşy-sazandalar eziz Watanymyzy, halkymyzyň we ýurdumyzyň şöhratly taryhyny, eziz Diýarymyzyň ösüşlerini – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleri ajaýyp aýdymlarynda wasp edýärler. Şeýle aýdymçylaryň biri «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçysy Eldar AHMEDOWDYR. Biz zehinli ýaş aýdymçy bilen söhbetdeş bolmagy müwessa bildik.

Akyllyja Aýläle (Hekaýa)
31.12.20 - 17:12Gyzjagaz bakja bagyndan gelşine gapyda duran köwüşleri tertipleşdirdi. Soňra eşiklerini çalşyryndy-da, uly adam ýaly bolup, olary ýerbe-ýer goýuşdyrdy. Jigisiniň oýnap taşlan oýunjaklaryny ýygnaşdyrdy. Gyzynyň hereketlerine monça bolan ejesi: